
7/5/2025
143
Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler
Gazagystanyň Maliýe ministrligi döwlet serhedinden geçmegiň düzgünlerine üýtgetmeler girizmegi teklip etdi. Bu resminama jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmagyna goýlup, 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyna çenli pikirler we teklipler kabul edilýär. Täze düzgünleriň esasy maksady – häzirki kadalarda ýüze çykýan tehniki we tertip-düzgün meselelerini aradan aýyrmakdyr. Elektron ulgamda nädogry maglumatlary girizmek ýa-da sargyt edilen wagty ulanmazlyk bilen baglanyşykly hasap ýazgylary petiklenýär. Şeýle-de araçäkden geçeni tassyklaýança gaýtarylyp berilýän pul zamuny girizmek teklip edilýär. Serhet geçelgeleriniň golaýynda awtoulaglaryň toplanmagynyň öňüni almak maksady bilen, hökmany garaşylýan zolaklar dörediler. Mallar, çalt zaýalanýan we howply ýükler üçin aýratyn nobatlar üpjün ediler. Üýtgetmeler nobatdan daşary geçmek bilen ekspress-geçmegiň aratapawudyny hem kesgitleýär. Ekspress-geçiş tölegli bolar, emma häzirlikçe nyrhlar mälim däl. Ulgamda birden köp hasaba alyş çäklendirilýär, ýöne wagt çalyşmak mümkinçilikleri giňeldilýär. Şeýle-de surat bilen bellige alyş, ulaglary tassyklamak we maglumatlary barlamak kämilleşdirilýär. Tölegi Kaspi.kz arkaly QR kodunyň üsti bilen ýa-da eGov, Halyk Bank arkaly onlaýn hyzmatlary we halkara bank geçirimleri arkaly ýerine ýetirmek bolar. Visa, MasterCard, Maestro, American Express töleg kartlary hem kabul edilýär. CarGoRuqsat ulgamy eýýäm Russiýa bilen araçäkde ýerleşýän 28 serhet geçelgesinde işleýär. Synag döwründe 126 müňden gowrak sargyt amala aşyryldy.