1/7/2025

94

Türkmenistanda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň önümçiligine girişildi

Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen çärä werfiň ýolbaşçylygynyň we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy – diýip, balkanshipyard.com.tm saýtynda habar berilýär. Gurluşyk 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýar. Ylalaşyk ýük göterijiligi 6100 tonna barabar bolan iki sany gury ýük gämisini gurmak barada baglaşylypdy. Şertnama «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» №680 belgili Karara laýyklykda durmuşa geçirilýär we ol ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir. Ilkinji gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň awgust aýynda başlandy we eýýäm noýabr aýyna çenli werfe gurulýan gämileriň ilkinji bloklary getirildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Günorta Koreýanyň hünärmenleriniň tehnologik taýdan kömek bermegi bilen amala aşyrylýar we Türkmenistanyň Prezidentiniň deňiz we derýa ulaglaryny, şeýle hem ýurduň gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady