7/29/2025

48

Gurluşyk-gurnama işleri sebäpli «Ahalteke atlary» şaýolunda gatnawlar çäklendirilýär

1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlar çäklendirilýär. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan berlen bildirişde şeýle diýilýär: «1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlaryň çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder».

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi