5/6/2025

98

Birža söwdalarynda BAE-niň işewürleri bilen nah ýüplügini satmak barada geleşik baglaşyldy

5-nji maýda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň resmi saýtynda habar berildi. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýlelikde, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 500 000 manada we 251 720 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar