8/7/2025

37

Serdar Berdimuhamedow Uganda Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurtda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Duşuşykda Türkmenistanyň Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi, Uganda Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygy bellenildi. «Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi energetika, gaz-himiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy