4/15/2025

83

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary Tokioda dowam eder

Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli Osaka şäherinde geçirilýän EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki çärelere gatnaşandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokio şäherine ugrady – diýip, TDH agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Tokionyň howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär, saparyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resmi duşuşyklaryň we çäreleriň geçirilmegine garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, ozal döwlet Baştutanymyz Osakada EKSPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Ýaponiýanyň ekspozisiýasyna baryp gördi.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar