1/11/2025

110

Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag Medisina Klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar