7/30/2025
20
Günbatar Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy gurulýar
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düzüminde 1800-den gowrak ýokary hünärli işgär sazlaşykly we netijeli işleýär. Bu ýerde işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler görülýär diýip, oilgas.gov.tm saýty ýazýar. Şeýle-de zawodyň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmäge we olaryň maşgalalarynyň durmuş meselelerini çözmäge uly üns berilýär. Seýdi şäherinde zawodyň işgärleri üçin dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam edýär. Bu jaý ulanylmaga berlenden soň, nebiti gaýtadan işleýji 24 maşgala häzirki zaman amatly öýlere eýe bolarlar. Ýeri gelende bellesek, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy. Kärhana benziniň, dizel ýangyjynyň, ýol bitumynyň we beýleki önümleriň öndürilişinde möhüm üstünliklere ýetip, olar sarp edijilere yzygiderli ýetirilýär.