8/5/2024

235

Hytaý sürüjisiz «akylly» ýük otlusyny işe girizdi

Agramy 10 000 tonnadan gowrak bolan täze otly Şansi welaýatyndaky Ýuýlin sebitinden Hebeý welaýatynyň (Hytaý) Huanhua port menziline ugrady. Şenmu-Şoçžou demir ýol ugry häzirki wagtda ýük otlularynyň dolandyrylyşyny üpjün etmek üçin toplumlaýyn intellektual tehnologiýalary yzygiderli ulanýan ýurtda peýdalanylan ilkinji ugur boldy. Özbaşdak hereketlendiriş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan otly daş-töweregine panoramiki tertipde gözegçilik etmäge we ýol belgilerini hem päsgelçilikleri tanamaga ukyplydyr. Awtomatlaşdyrmagyň bu derejesine ýetmek üçin kompaniýa ýerli toprak gurluşy we howa şertleri bilen baglanyşykly köp kynçylyklary ýeňip geçmeli boldy. Işläp düzüjiler Hytaýyň «BeiDou» nawigasiýa hemra ulgamy tarapyndan goldanýan tolkunlar we päsgelçilikler üçin ýokary takyklygy anyklaýyş we kesgitlemek ulgamlaryny üstünlikli durmuşa geçirdiler. Şol bir wagtyň özünde bolsa Pekini we Týanszini birleşdirýän awtoulag ýolunda sürüjisiz agyr ulaglar synagdan geçirilýär. Bu agyr ulaglar, şeýle hem howpsuz we energiýa tygşytlygy bilen dolandyryşy üpjün edip, ýagdaýy we tizligi awtomatiki usulda utgaşdyrmaga ukyplydyr.

7/1/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi

7/1/2025

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalary açyldy

6/30/2025

Gazagystan bilen serhetde barlag-gözegçilik işleri güýçlendirildi