6/21/2025

90

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi. Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

9/1/2025

«ŞHG+» formatyndaky duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder

9/1/2025

Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

9/1/2025

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady