12/3/2024

42

Russiýanyň Söwda-senagat edarasy Gazagystana möhürlenilen ýük ulaglarynyň gümrük geçiş düzgünini ýönekeýleşdirmegi teklip etdi

Russiýanyň Söwda-senagat edarasy (SSE) Gazagystana serhetdäki geçelgelerde «möhürli» ýük ulaglaryny barlamakdan we gözden geçirmekden ýüz öwürmegi teklip etdi – diýip «Interfaks» neşiri habar berýär. Bu başlangyç SSE-nyň wise-prezidenti Wladimir Padalko tarapyndan Russiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň XX forumynda beýan edildi. – Haryt daşary ýurtdan gelýän mahaly Gazagystan tarapyna möhürlenen görnüşde girýär. Ol Russiýanyň wagtlaýyn saklanýan ammarlara gelýär. Ol ýerde ulagyň ýüki ýene-de bir gezek barlanýar, gaýtadan sanalyp, gümrük we GBS tölegleri tölenýär, gümrükden geçirilýär we bazara goýberilýär. Onda, serhet geçelgelerinde häzirki wagtda bar bolan aralyk gözden geçirmeler we barlaglar näme üçin gerek? – diýip, Wladimir Padalko sorag bermek bilen, bu meselä ünsi çekýär. Bilermeniň pikirine görä, serhetara geçelgelerindäki barlaglardan ýüz öwürmek ulag-logistika çykdajylaryny ep-esli peseltmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu çykdajylar harydyň bahasynyň 40%-ne barabardyr. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Russiýanyň täzeden tirkeme arkaly halkara ýük gatnatma işini ýerine ýetirýän ulag kompaniýalaryndan birinji ýük daşaýja we Ýewropa Birleşiginiň dahyllysyna berilýän rugsatnamany ýene-de talap edýär. Şeýle rugsatnamanyň ýoklugy Gazagystan Respublikasynyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 573-nji maddasynyň esasynda ýük daşaýjyny jogapkärçilige çekmek üçin esas bolup durýar. Şundan sürüjä 150 müň rubl möçberinde, ýuridiki şahsa bolsa 375 müň rubl möçberinde jerime salnyp bilner.

12/27/2024

Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryna Latwiýada täze hereket edýän ýangyç düzgünleri barada habar berildi

12/27/2024

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi

12/27/2024

Lebaply daýhanlar 2024-nji ýylda uly zähmet üstünligini gazandylar