1/13/2025

18

Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri karbamidi, natriý hloridini («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýerli işewürler içerki bazar üçin nah ýüplügi we nah galyndylary, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 82 million 138 müň manatdan gowrak boldy.

1/17/2025

Huawei elektrik ulaglara zarýad bermek üçin oýlap tapan robot eli bilen tanyşdyrdy

1/17/2025

Türkmenistan BSG-ä goşulmagyň çäklerinde Bütindünýä söwda instituty bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär

1/17/2025

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar