8/6/2025

12

Awazada Halkara migrasiýa guramasynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

5-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda özara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Halkara migrasiýa guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny berkitmekde işjeň orny eýeleýändigi belläp, ýurduň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlydygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Taraplar Türkmenistanyň halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle-de ählumumy derejede möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň HMG-niň taslamalaryna işjeň gatnaşmagy dowam etdirmäge meýillidigi nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy