5/14/2025

67

Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howa maliýeleşdirmesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Aşgabatda başlanan howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahatynda (CACCC-2025) Merkezi Aziýa üçin howa maliýeleşdirmesi, sebit we milli geljegiň mümkinçilikleri barada panel mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlisiň alyp baryjysy hökmünde Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi boýunça uly ykdysatçysy we C3A ugurdaş direktory Wilýam Haýns çykyş edýär. «Kömek bermekden herekete geçmäge: maliýeleşdirme arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreş — Beýik Britaniýanyň nukdaýnazary» atly tanyşdyryşy ilçi Stiwen Konlon görkezdi. Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasyndaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň baştutany Ýohannes Baur Merkezi Aziýada howa maliýeleşdirmesi boýunça ÝB-niň borçnamalary hakynda gürrüň berdi. Italiýanyň daşky gurşaw we energetika howpsuzlygy ministrliginiň uly bilermeni Alessandra Fidanza Italiýanyň howa gaznasynyň Merkezi Aziýa üçin maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Panel ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde çärä gatnaşyjylar Merkezi Aziýada milli we sebit howa boýunça ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak üçin maliýe çözgütlerini we amaly maliýeleşdirme gurallaryny ulanmak barada maslahatlaşýarlar.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy