
5/15/2025
64
Müsür 15% arzanladyş bilen gämileri Sues kanalyna çekýär
15-nji maýdan başlap Sues kanalynyň dolandyryş edarasy arassa tonnažy 130 müň tonnadan ýokary bolan gämiler üçin kanaldan geçmek ýygymlaryna 15% arzanladyş girizýär. Arzanladyş 90 gün möhlet bilen girizilýär we 2023-nji ýylyň ahyryndan bäri husitleriň hüjüminiň howpy sebäpli Afrika yklymynyň daşyndan geçýän ýola ugur alan gämileriň yzyna gaýtmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Soňky aýlarda dowam edýän howplara garamazdan, Gyzyl deňizdäki ýagdaý kem-kemden durnuklaşdy. Geçen hepde ABŞ husitleriň ýolbaşçylary bilen ýaraşyk barada ylalaşyk gazandy, emma ylalaşyk Ysraýyl döwletiniň gämilerine degişli däldir. Sues kanalyndan gämileriň geçmegi üçin ýygymlar Müsüriň býujetini doldurýan iň möhüm maddalaryndandyr. Geçen ýylyň dördünji çärýeginde kanalyň operatorynyň ýygymlardan alan girdejisi 891 million dollar boldy — bu çökgünligiň täze başlan wagty bolan bir ýyl öňki görkezijiden üç esse diýen ýaly azdyr.