9/4/2024

131

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen World Smart City Expo sergisinde tanyşdyryldy

Arkadag şäheriniň diwarlygy 3-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde açylan World Smart City Expo-2024 Halkara sergisinde görkezildi. Türkmenistanyň wekilýeti serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär. Bu ýerde Arkadag "akylly" şäheriniň diwarlygynda onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen sergä gelýän myhmanlary ýakyndan tanyşdyrylýar. Jemi World Smart City Expo-2024 sergisi 116 pawilýondan ybarat. Sergä Koreýa Respublikasynyň welaýatlary, 60-dan gowrak ýurduň ministrleri, ministrleriň orunbasarlary we welaýat häkimleri derejesindäki wekilleri gatnaşýar diýip, çeşme belleýär.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar