9/5/2024

151

Türkmen wekilleri Magtymguly Pyragynyň Astrahandaky ýadygärligine gül desselerini goýdular

4-nji sentýabrda Astrahanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (Sankt-Peterburgdaky we Astrahandaky şahamçalary), Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Türkmenistandan baran telekeçiler we talyplar Astrahanyň döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde oturdylan Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Bu çäre şu günler Astrahan oblastynda «БерегА» ady bilen guralan Ýaşlar bilim forumynyň çäklerinde geçirildi. Türkmen nusga şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dabaraly ýubileý çäreleri geçirilýär. Şu ýylyň güýzünde Sankt-Peterburg şäherinde-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy bolmalydyr.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar