6/20/2025

19

Türkmenistanda Palestinanyň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meselelere degip geçdiler, şeýle hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar. Duşuşygyň ahyryndaiIlçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady