4/14/2025

28

2024-nji ýylda Eýranyň üsti bilen ýük daşalmagy ep-esli ösdi

Geçen ýylda (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) Eýranyň üsti bilen ýük daşalmagy öňki ýyl bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 2024-nji ýylyň 19-njy martyna çenli) 22,5% artdy. Trend neşiriniň habar berşi ýaly, bu barada Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministriniň orunbasary hem-de Gümrük gullugynyň baş direktory Forud Asgeri ýerli metbugata beýan edipdir. Onuň sözlerine görä, geçen ýyl Eýranyň üsti bilen 21,9 million tonna ýük daşalypdyr. Asgeri görkezilen möçberde 19,7 million tonna ýüküň Eýranyň 10 gümrükhanasynyň üsti bilen geçendigini belledi. Olar Şehid Rajai, Parwizhan, Başmag, Sarahs, Bazergan, Astara, Piranşehr, Bilýasuwar, Lotfabad we Julfa gümrükhanalarydyr. Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy ýük geçirmekde iň ýokary ösüşiň Sarahs gümrügi arkaly bolandygyny belledi – ol 148% deň, Piranşehr gümrügi - 65% we Lotfabad gümrügi arkaly geçirilen ýükleriň ösüşi - 58% deň bolandygyny aýtdy. Bellemeli ýeri, Eýran Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar halkara geçelgeleri ýaly birnäçe möhüm halkara üstaşyr ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Emma bu ugurlardaky infrastruktura ýeterlik däl we Eýranyň çäkleri halkara ýük kompaniýalary üçin howpsuz ugur hasaplanylmaýar. Mundan başga-da, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary sebäpli, köp halkara kompaniýalary onuň çäginden üstaşyr geçmäge gyzyklanma bildirmeýärler.

4/18/2025

Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar

4/18/2025

«Ýylyň bütindünýä awtoulaglary» yglan edildi

4/18/2025

Türkmenistan Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýa degişli teswirnama goşulýar