11/2/2024

55

Gazagystanda ýük daşamak üçin bellenen nyrhlar üýtgedi

Şu ýylyň başyndan bäri ýanwar-oktýabr aralygynda ýük daşamak üçin nyrhlar 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8% göterim ýokarlandy — diýip, «Kazinform» agentligi Milli statistika býurosynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan maglumata salgylanmak bilen habar berýär. Hususan-da, awtoulag bilen ýük daşamagyň bahasy 1,6% göterim ýokarlandy. Awtoulag arkaly amala aşyrylýan halkara ýük gatnawlarynyň nyrhy 1,3% göterim gymmatlady. Ýurduň içindäki awtoulagly ýük daşamalary bolsa 1,8% göterim ýokarlandy. Howa arkaly ýük daşamak 2% göterim gymmatlady, şol sanda halkara ýük gatnawlary 2,3% göterim, ýurduň içindäki gatnawlar bolsa 1,4% göterim ýokarlandy. Deňiz arkaly amala aşyrylýan halkara ýük daşamalarynyň nyrhlary 9,1% göterim artdy. Mundan başga-da, turbageçiriji arkaly önümleri ibermek 2,4% göterim gymmatlady, çig nebiti ibermek boýunça nyrhlar 4,1% ýokarlandy.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady