7/28/2025

69

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn hem, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadag köp zolakly köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlady we olarda geçmiş bilen geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri desganyň germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri hem synlady we degişli öwüt-nesihatlaryny berdi. Halk Maslahatynyň Başlygyna binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalaryna oturdylýan beton raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Gahryman Arkadag bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlary berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi