8/6/2025

51

Awazada BMG-niň forumynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Milli günleriniň açylyş dabarasy geçirildi

Düýn agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Milli günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Gadymy Hazar deňziniň kenarynda Hazar deňzine bagyşlanan teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyş görkezildi, şeýle hem bu ýerde maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň we halkara guramalaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Türkmen pawilýonynda ýurduň amatly howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gök önümler, miweler, gök otlar we ir-iýmişler görkezildi. Bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we tebigy serişdeleri gorap saklamaga gönükdirilen häzirki zaman agrotehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr. Her bir gatnaşyjy ýurduň sergi meýdançasynda dostlukly döwletleriň sungat ussatlarynyň çykyşlary hem geçirildi. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda çärä gatnaşyjylar foruma gelen ýurtlaryň ussat aşpezleriniň milli tagamlarynyň taýýarlanyşyny synladylar, gök we bakja ekinleriniň, bezeg-amaly sungaty eserleriniň sergilerini hem-de bu ýerde gurnalan ak öýleriň özboluşly bezeg aýratynlyklaryny gördüler. Sergi meýdançasynda ýörite bellenilen ýerde myhmanlara gatnaşyjy ýurtlaryň baş aşpezleri tarapyndan taýýarlanan tagamlary dadyp görmek teklip edildi. Serginiň çäklerinde dostlukly döwletleriň bezeg amaly-haşam sungat eserleriniň diwarlygyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu sergi gatnaşyjy ýurtlaryň baý däplerini we häzirki zaman döredijiligini birleşdirýän özboluşly medeni waka boldy. Bu ýerde suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, dokma önümleri, keramika, şaý-sepler, şeýle hem halklaryň müňýyllyk mirasyny we milli medeniýetini şöhlelendirýän el işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda myhmanlar sergi meýdançasynda ýörite gurlan «Ak öý» atly türkmen öýüne tagam datmak üçin çagyryldy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatynyň gatnaşyjylarynyň hormatyna guralan resmi agşamlyk naharyna gatnaşmak üçin we dostlukly döwletleriň medeniýet we sungat işgärleriniň konsertini görmek üçin ýörite bellenilen ýere geçdiler. Konsertde dostlukly ýurtlardan gelen estrada aýdymçylary we tans toparlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül oglynyň hem-de Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekowyň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Aýdym-saz we tans çykyşlary dünýä şäherleriniň gözel ýerleri, halklaryň däpleri, medeni we ruhy gymmatlyklary, şeýle hem dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi barada gürrüň berýän wideorolikler bilen utgaşdyryldy. Baýramçylyk konserti türkmen halk sungatynyň özboluşly nusgasy bolan, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» tansy bilen dowam etdi. Konsertiň ahyrynda interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň saz bilen utgaşýan yşykly çykyşlary bilen täsirli sahna görkezildi.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy