5/9/2025

43

Russiýa täze terminal arkaly «Demirgazyk — Günorta» geçelgesinde ýük akymyny artdyrar

Astrahan oblastynda port zolagynda täze konteýner terminalynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu terminal «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberini 2030-njy ýyla çenli azyndan 8 million tonna artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada sebitiň gubernatory Igor Babuşkin habar berdi – diýip, Trans.ru habar berýär. Sebit ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Astrahan portlary ýük dolanyşygynyň ösüşini görkezýär — 2024-nji ýylda olar 6 million tonna ýük işläpdirler. Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki ýük dolanyşygynyň umumy kuwwaty 16 million tonna diýlip bahalandyrylýar. Igor Babuşkin şeýle-de sebitiň portlarynda eýýäm täzelenme işleriniň geçirilendigini, bu bolsa Belarusdan Günorta-Gündogar Aziýa goýberilmegi üçin ýöriteleşdirilen ýükleri çalt işlemäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Astrahan oblasty «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesinde esasy orny eýeleýär. Hazar deňzi arkaly ýükler Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna iberilýär, ol ýerden bolsa — deňiz ýa-da gury ýer ulaglary bilen — Aziýanyň beýleki sebitlerinde ýoluny dowam etdirýär. Trans.ru neşiri sanksiýa çäklendirmeleri şertlerinde bu geçelgäniň Belarus üçin daşary ykdysady ibermeleri guramakda möhüm alternatiwadygyny belleýär. Hususan-da, Belarus demir ýollary bu geçelgäni harytlary Azerbaýjana, Özbegistana, Hindistana, Eýrana we beýleki ýurtlara eksport etmek üçin ulanýar. Martda Belarusdan Hytaýa Russiýa we Eýran arkaly kaliý dökünleriniň synag üstaşyr iberilmesi amala aşyryldy: bu taslamanyň çäklerinde üç doly düzümli konteýner otlulary iberildi.

5/31/2025

Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

5/31/2025

Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

5/31/2025

Türkmenistan tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýär