10/26/2024
32
«Lamborghini» kompaniýasy «Temerario» aňrybaş ulagynyň alýuminiý karkasy baradaky ähli jikme-jikleri aýan etdi
«Lamborghini» kompaniýasy «Temerario» aňrybaş ulagynyň doly alýuminiýden ýasalan giň innowasion karkasyny görkezýän wideosyny köpçülige görkezdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Rewuelto» modeliniň ugleplastik süýümli karkasyndan tapawutlylykda «Temerario» awtoulagy Huracan platformasynyň esasynda täzeden işlenip düzülen alýuminiý karkasyna eýe boldy. Optimizirlenilen gurluşyň hasabyna ýerine ýetirilen düzüm bölekleriniň sany 50% azaldy, kebşirlenen birikmeleriň sany bolsa 80% kemeldildi. «Temerario» awtoulagynyň karkasynyň towlanma garşylygy Huracan bilen deňeşdirilende 25% ýokarydyr, bu ýokary berklikdäki alýuminiý splawlarynyň we hereketlendiriji üçin täze çarçuwa astlygynyň ulanylmagy arkaly gazanyldy. «Temerario» aňrybaş ulagynyň gibrid kuwwatlyk gurluşy üç sany turbo güýçlendirijisi bilen 4.0-litrlik V8 hereketlendirijini we üç sany elektrik motoryny birleşdirip, jemi 920 at güýjüni üpjün edýär. 100 km/sagada çenli tizlenmäni ol bary-ýogy 2.7 sekunt wagtda alýar. Kiçi göwrümli akkumulýator aňrybaş ulaga elektrik hereketlendirijisi bilen gysga aralygy geçmäge mümkinçilik berýär.