12/18/2024

79

«Chery» rekord aralyga ýöräp biljek «Fulwin A8L» gibrid sedany bilen tanyşdyrdy

Hytaý awtomobil öndürijisi «Chery» öz ekologiki hataryna ýene-de bir modelini – «Fulwin A8L» gibrid sedanyny goşdy. Täze model benzinli «Arrizo 8» görnüşiniň esasynda bolup, ol häzir bäş düzümli görnüşde hödürlenmek bilen, Hytaýyň bazaryna çykarylýar – diýip, auto.ru habar berýär. Görkeziliş çäresinde kompaniýa täze sedanyň dünýä rekordyny goýandygyny habar berip, onuň bir gezek hem zarýada goýulmazdan we ýangyç doldurylmazdan 2369,915 kilometr aralygy geçendigini aýtdy. «Fulwin A8L» awtoulagy öňki modelleriň içinden daşky görnüşi bilen – asyl nusgadaky radiator gözenegi, bamperleri we ýagtylyk beriji elementleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Öndüriji dürli düzüm görnüşleri üçin baý opsiýalar toplumyny hödürleýär. Elýeterli funksiýalaryň hatarynda oturgyçlary elektrik usuly bilen sazlamak, gyzdyryş we howa beriş ulgamy, 50 kW kuwwatly simsiz zarýad berijisi, Sony kompaniýasynyň sekiz dinamikaly audio ulgamy, on sany howpsuzlyk howa ýassyklary we L2+ awtonom derejesinde işleýän sürüjä ýardam beriji ulgamynyň çylşyrymly toplumy bar.

7/5/2025

Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler

7/5/2025

Goňşularyň arasyndaky demping: Gazagystan we Gyrgyzystan Russiýanyň ýük daşaýjylarynyň bazaryny elinden alýar

7/5/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady