5/16/2025

116

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi

Türkmenistanda 18-nji maýdaky, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç güni 19-njy maýa, duşenbe gününe geçirildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär. Resminama ýurduň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyn Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul edildi.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy