7/4/2025

49

Öňaldy geňeşliginiň çägindäki täze obanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-sini, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, söwda merkezini hem-de oba geňeşliginiň edara binasyny öz içine alýan häzirki zaman obasynyň gurluşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy kärhanalar aýratyn işjeňlik görkezýärler. Döwrebap oba Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuna gabatlanyp açylar we etrabyň ýaşaýjylaryna özboluşly baýramçylyk sowgady bolar diýlip, habarda aýdylýar.

7/30/2025

Günbatar Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy gurulýar

7/30/2025

Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

7/30/2025

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar