1/10/2025

80

«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň çägi arkaly geçýän şahasy boýunça 2 million tonna ýük daşaldy

Türkmenistanyň çägi arkaly daşalýan halkara ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Has takygy, 2024-nji ýylda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Russiýanyň çäginden geçýän Gündogar şahasynyň ugry boýunça daşalan ýükler 2023-nji ýyldakydan 3 esse töweregi artdy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Kazem Jalaliniň sözlerine salgylanyp, «TASS» ýazýar. «Deslapky maglumatlara görä, 2024-nji ýylda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çägi arkaly geçýän Gündogar şahasy boýunça 1,8 — 2 million tonna aralygynda ýük daşaldy. Bu geçelgäniň ýyllyk ýük geçirijilik mümkinçiligi bolsa 15 million tonna barabar» diýip, eýranly diplomat belleýär. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda degişli ugur boýunça daşalan ýükleriň möçberi 650 müň tonnadan gowrak bolupdy. Kazem Jalaliniň aýtmagyna görä, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Hazaryň üstünden geçýän Gündogar şahasy arkaly daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmak üçin Hazar deňzindäki gämileriň sanyny artdyrmak zerurdyr.

7/3/2025

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

7/3/2025

Prezident Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy

7/3/2025

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellenildi