5/7/2025

53

Mansory kompaniýasy sap altyn bilen bezelen Rolls-Royce Wraith ulagyny görkezişe çykardy

Mansory týuning-atelýesi özüniň Linea d'Oro ýokary derejeli ulaglar üçin niýetlenen maksatnamasynyň çäklerinde Rolls-Royce Wraith kupesiniň täsin görnüşini çykardy. Bu awtoulaglaryň esasy aýratynlygy olaryň bezeginde hakyky 24 karat altynyň ulanylmagydyr, şeýle-de karbondan edilen düzüm bölekleri, gowulandyrylan aerodinamikasy we kämilleşdirilen tehniki görkezijileri bezegiň üstüni ýetirýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Gowy görnüşli gymmat bahaly metallaryň örän ýuka gatlagy köp sanly daşky elementleri we interýeriň böleklerini, şol sanda aýratyn ýasalan teker disklerini örtýär. Kuzowynyň esasy reňki – altyn bölekleri we täze karbon elementleri bilen täsirli gapma-garşylyk döredýän şar gara reňkdir. Öndüriji görkezilen nusganyň anyk tehniki üýtgeşmelerini açyp görkezmese-de, Mansory kompaniýasynyň assortimentinde Wraith ulagynyň hereketlendirijisi üçin kämilleşdirme maksatnamalarynyň dürli görnüşleri bar, olaryň iň kuwwatlylary 700-den gowrak at güýjüne barabardyr. Şonuň bilen birlikde, müşderiler Linea d'Oro ulagynyň asyl zawod hereketlendirijili kysymyny hem sargyt edip bilerler.

5/31/2025

Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

5/31/2025

Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

5/31/2025

Türkmenistan tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýär