12/4/2024
41
«Spirit of America Sonic I» raketomobili kim ýokary satuwyna çykarylýar
Tizligini takmynan sagatda 1000 km çenli güýçlendirip bilen «Spirit of America Sonic I» raketomobili elli ýyldan soň ilkinji gezek eýesini üýtgetmäge taýýarlyk görýär. Uçaryñ tizligi bilen bäsleşip bilýän bu ajaýyp ulag enjamy 2024-nji ýylyň fewralynda «RM Sotheby's» auksionyna çykarylar. Onuň satylmagy eýesine bir million dollara çenli peýda getirmeginiň mümkindigi aýdylýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Inžener Kreýg Bridlaw tarapyndan döredilen we dolandyrylan «Spirit of America» ulagy birnäçe gezek döwrebaplaşdyrma sezewar edilipdir. Mysal üçin, hereketlendirijini «F-4 Phantom II» söweşjeň uçarynyň turbojet hereketlendirijisine çalşylmagy bilen, Bridlaw raketomobiliniň tizligini takmynan sagatda 1000 km çenli ýokarlandyrmagy başarýar. Bu taslamanyň ilkibaşdaky maksady ses päsgelçiligini ýeňip geçmek bolupdy, emma «Spirit of America» üçin bu çözülmegi mümkin bolmadyk bir meselä öwrülýär. Şeýle-de bolsa, birnäçe onýyllykdan soň başga bir raketomobil, «Thrust SSC» bu maksada ýetmegiň hötdesinden gelipdi. «Spirit of America» Indianapolis ýaryş ulaglarynyň toplumynyň muzeýi tarapyndan guralan auksionyň satuwlarynda ýer alar. Ajaýyp raketomobilden başga-da seýrek duş gelýän «Ferrari 250 LM» awtoulagy hem satlyga çykarylar, onuň bahasy häzirlikçe 26 million dollardyr.