9/2/2024

163

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha we ony mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge uly ähmiýet berýäris” diýlip, hatda bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde Özbegistanyň netijeli ornuny belläp, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalara taýýardygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Özbegistan Respublikasynyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy