1/8/2025

62

Türkmenistan Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşygyň dowamynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamlaryndaky geljegi uly bolan taslamalary gözden geçirdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Söhbetdeşler bilelikdäki hereketleriň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle-de taraplar gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardyklary tassykladylar.

7/3/2025

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

7/3/2025

Prezident Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy

7/3/2025

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellenildi