11/2/2024

146

«COSCO» kompaniýasy Taýlandyň portundaky paýlary satyn aldy

«COSCO Shipping Ports» kompaniýasy Taýlandyň iň uly porty bolan Laem-Çabangdaky «Hutchison Ports» kompaniýasynyň paýlaryny satyn aldy — diýip, «Splash» neşiri habar berýär. Hytaýyň bu iri kompaniýasynyň Laem-Çabang portunyň iki konteýner terminalynyň - Thai Laemchabang Terminalynyň (TLT) we Hutchison Laemchabang Terminalynyň (HLT) degişlilikde 12,5% we 30% paýlaryny satyn aldy. Bu geleşigiň bahasy 110 million dollar hökmünde bahalandyrylýar. «Geleşik boýunça satyn alnan desgalaryň hataryna birnäçe gämi duralgasy girýär, olaryň üçüsi (Hutchison Laemchabang Terminalynda) gurluşyk tapgyryndadyr. Gurluşyk tamamlanandan soň onuň umumy geçirijilik kuwwaty ýylda takmynan 6,7 million TEU möçberde bolar» — diýip, neşirde nygtalýar. Mundan öň «COSCO» kompaniýasynyň Günorta-Gündogar Aziýadaky ýeke-täk port aktiwi Singapurdaky COSCO-PSA terminaly bolupdy.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar