1/8/2025

87

Niderlandlaryň agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi

East-West Trade kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň öňdebaryjy agrosenagat kompaniýalarynyň altysynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu sapar agrosenagat pudagynda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen gurnaldy. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu wekiliýetiň sapary türkmen tarapynyň geçen ýyl Amsterdamda üstünlikli geçirilen agroforuma gatnaşanlygyna jogap sapary bolup, onda biziň wekiliýetimiz ýurdumyzyň oba hojalyk kuwwatyny görkezipdi. Niderlandlaryň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem oba hojalyk pudagynda özara gatnaşyklaryň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin esasy ugur hökmünde garalýan bagçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga berildi. Gepleşikleriň netijesinde iki tarap hem döwlet-hususy hyzmatdaşlyk arkaly uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Muňa jogap hökmünde Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlara iş saparyny amala aşyrar.

7/2/2025

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

7/2/2025

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

7/2/2025

Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi