6/19/2025

21

Russiýa ulagda elektron resminamalar dolanyşygyna geçýär

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin ýük daşamalaryny we ulag-ekspeditorçylyk işleriniň ulgamyny düýpgöter üýtgetmäge gönükdirilen kanuna gol çekdi. Resminamada pudagyň sanlylaşdyrylmagy babatynda iki esasy täzelik göz öňünde tutulýar: ekspeditorlaryň sanawyny we hökmany elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek. Bu barada Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap «GosLog» platformasyndaky Ekspeditorlaryň sanawy işe başlar. Ulag-ekspeditorçylyk işlerini amala aşyrýan ähli ýuridiki şahslaryň we hususy telekeçileriň hasaba alynmagy hökmany bolar. Kompaniýalar we telekeçiler arza bermek üçin 60 gün gerek bolar. Bu talapnamany ýerine ýetirmezlik olary hyzmat etmek hukugyndan awtomatiki usulda mahrum eder. Resminamalar dolanyşygynda üýtgeşiklik bolup geçer: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap esasy ulag resminamalary üçin hökmany elektron format girizilýär. Bu ýerde gürrüň uçar ulagynyň ýük üsthatlary, demir ýol ulag üsthatlary, awtoulag ulag üsthatlary, awtoulag ulagy bilen ýük daşamak boýunça sargytlar we arzalar, şeýle hem dürli görnüşli ekspeditorçylyk resminamalary hakda barýar. Şol bir wagtyň özünde hökümet ýük daşamakdaky kagyz resminamalaryny ulanmagyň mümkinçiligini kesgitlejek ýagdaýlary bellär. Ulagda elektron resminamalaryň dolanyşygy 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda işe başlan Ýük daşamakdaky elektron resminamalaryny döwlet maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Ulgamyň operatory hökmünde federal döwlet unitar kärhanasy bolan «ZaşitaInfoTrans» kompaniýasy çykyş edýär. Elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek Russiýanyň Federal salgyt gullugy bilen Russiýanyň Ulag ministrliginiň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Häzirki wagtda ulgamda awtoulag serişdeleri üçin alty görnüşli resminama düzmek mümkinçiligi bar, şol sanda elektron ulag üsthatyny we elektron ýol resminamasyny. 2024-nji ýylyň sentýabryndan başlap Ýük daşamakdaky elektron resminamalaryny döwlet maglumat ulgamynda dört sany geçiş nokadynda serhet geçmegiň wagtyny sargyt etmek mümkinçiligi amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap bolsa ulgam arkaly Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň ulag kompaniýalary üçin kabotaž ýük daşamalary üçin rugsat almak mümkinçiligi peýda bolar. Şu ýylyň ahyryna çenli ulgamyň funksionalyny giňeltmek meýilleşdirilýär, şonuň bilen ol suw ulagy bilen ýük daşamalary üçin resminamalary resmileşdirmegi goldajakdyr. Häzirki günde Ýük daşamakdaky elektron resminamalaryny döwlet maglumat ulgamynda eýýäm 15 milliondan gowrak elektron resminama hasaba alyndy, her aý ulgam arkaly takmynan 1,5 million täze resminama resmileşdirilýär.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady