7/26/2025
123
Geljek aýyň 23-üne bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçiriler
Indiki aýyň 23-i güni Türkmenistanda öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenilmegine görä, maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman Arkadagyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.