10/29/2024
22
«Great Wall Motor» kompaniýasy premium derejeli «Soul S2000» motosikli bilen tanyşdyrdy
«Great Wall Motor» kompaniýasy öz modeller hataryny giňeldip, «Soul S2000» motosiklini görkezişe çykardy. Bu iki tigirli äpet motosikl entek görülmedik 8 silindrli hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan we uly göwrümli ölçeglere eýedir — diýip, kolesa.ru saýty habar berýär. Kaşaňlyk we amatlylyk – ine «Soul S2000» motosiklini häsiýetlendirýän iki esasy söz. Giň göwrümli kofralar, oňaýly oturgyç we goşmaça opsiýalaryň giň toplumy ýolda öz öýüňdäki ýaly duýguny döredýär. «Soul S2000» motosikliniň öň tarapky asgyjy we kuwwatly Brembo tormozlary bilen üpjün edilmegi ýokary tizlikde-de onuň ajaýyp dolandyryş mümkinçiligine eýedigini görkezýär. «Soul S2000» motosikliniň ýüregi entek görülmedik 2-litrlik 8 silindrli hereketlendirijisidir. Bu kuwwatly «ýürek» oňa täsirli dinamikany üpjün edýär we ýokary tizliklere aňsatlyk bilen ýetmäge mümkinçilik berýär. «Soul S2000» motosikli bilen «Great Wall» kompaniýasy adaty motosikl öndürijilerine garşy çykyş edýär. Baý enjamlaşdyrylyşy we öňdebaryjy tehnologiýalary ony premium derejeli motosiklleriň bazarynda çynlakaý bäsdeş boljakdygyna güwä geçýär.