3/24/2025

70

Amerikanyň meşhur Kenworth W900 ýük ulagyny 2026-njy ýyldan başlap önümçilikden aýrylar

Kenworth Truck Company 2026-njy ýyla çenli birnäçe könelişen modellerini önümçilikden aýyrjakdygyny mälim etdi. Olaryň arasynda meşhur W900 ýük ulagy hem bar, ol diňe bir ABŞ-nyň ulag ulgamynyň keşbini emele getirmän, eýsem ýurduň medeniýetinde ajaýyp yz galdyrypdy. Bu karara gelinmeginiň sebäbi daşky gurşawyň talaplary we pudagyň täze tehnologiki çözgütlere geçmegi bilen bu ulaglaryň düzüm bölekleriniň ýetmezçiligi boldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Kenworth W900 ýük ulagyna kuwwaty 180-den 625 at güýjüne eýe bolan hereketlendirijiler oturdylypdy we bu modeliň görnüş aýratynlygy onuň dik işlenilen gazlary çykaryjy turbalary bolupdy. Bu ýük awtoulagynyň dürli görnüşleri 1961-nji ýyldan bäri öndürilýär we häzirki wagtda bazara W900L we W900B modelleri çykarylýar. W900 ýük ulagy köp sanly ady belli filmlerde peýda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanypdy. Kenworth ýük awtoulaglarynyň indiki nesli häzirki zaman daşky gurşaw standartlaryna laýyk geler.

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň maslahatynyň çäklerindäki Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynda çykyş etdi

8/7/2025

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy