9/4/2025

88

Serdar Berdimuhamedow Pekinde Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça şu gün Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, dabaraly harby ýöriş geçirildi. Dabaraly harby ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň aýdyň mysaly boldy.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar