12/2/2024

43

RF-nyň Prezidenti «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça iş toparynyň düzümini tassyklady

RF-nyň Prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy bilen Russiýada «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklandy, degişli resminama hukuk maglumatlarynyň resmi portalynda çap edildi. Iş toparynyň düzümine bäş adam girdi: toparyň ýolbaşçysy edilip wise-premýer Wiталий Sawelyew bellenildi, RF-nyň ulag ministri Roman Starowoýt, RF-nyň Prezidentiniň geňeşçisi Igor Lewitin, «RŽD»-niň baş direktory Oleg Belozýorow we ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew iş toparynyň jogapkär sekretary edilip bellendi. Şeýle hem şol gün, 25 noýabrda, Wladimir Putin öz Permany bilen Wiталий Sawelýewi «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça RF-nyň Prezidentiniň ýörite wekili wezipesine belledi – diýlip, Kremliň metbugat gullugynyň materialynda aýdylýar. «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi – Sankt-Peterburgdan Mumbaý portuna çenli 7,2 müň km uzaklykdaky köp görnüşli ulag ýoly bolup, demir ýol, deňiz we derýa ulag serişdeleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Halkara ulag geçelgesi üç ugurdan ybaratdyr: - Gündogar ugur – Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag we demir ýol ulaglary bilen, - Günbatar ugur – Azerbaýjanyň üsti bilen awtoulag we demir ýol ulaglary bilen, - Hazarüsti ugur – Hazar deňzinden başlap deňizden we Wolga derýasyndan geçip, eýran we türkmen portlaryna gidýän ugur. Bilermenleriň çaklamasyna görä, halkara ulag geçelgesi boýunça ýük dolanyşygy 2030-njy ýyla çenli 40 mln tonnadan geçer.

12/27/2024

Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryna Latwiýada täze hereket edýän ýangyç düzgünleri barada habar berildi

12/27/2024

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi

12/27/2024

Lebaply daýhanlar 2024-nji ýylda uly zähmet üstünligini gazandylar