10/29/2024

111

Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, taryhyň synagyndan geçen türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini we syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýändigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy