9/4/2025
552
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda awtoulag hereketiniň depgininiň güýçlenmegi bilen baglylykda sürüjileri ýollarda has ünsli bolmaga çagyrdy. Bu barada ministrligiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarynda aýdylýar. Gullugyň berýän maglumatyna görä, awtoulaglaryň sanynyň yzygiderli artmagynyň netijesinde dürli görnüşli ulaglaryň hereketiniň depgininiň ýylsaýyn has-da güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, ulaglaryň hereketiniň utgaşykly guralmagy we onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi möhüm mesele hökmünde öňe çykýar. «Ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi sürüjileriň awtoulagyň bellenilen tizliginiň düzgünlerini bozmagy bilen baglanyşyklydyr» - diýlip, habarda nygtalýar. Şu babatda Içeri işler ministrligi şulary ýatladýar: ulagyň dogry tizligini saýlamak — ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Ýol hereketiniň düzgünleriniň 10.1 bendine laýyklykda sürüji awtoulag serişdesini hereketiň depginliligini, ulagyň aýratynlyklaryny, ýol we howa şertlerini göz öňünde tutup, düzgünleri berjaý etmäge mümkinçilik berýän tizlikde sürmelidir. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy sürüjileriň arasynda yzygiderli terbiýeçilik we düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär. Şeýle çäreleriň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde geçirilmegi indi Türkmenistanda däbe öwrüldi. «Düzgünleriň dogry berjaý edilmegi — ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň möhüm borjudyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygy — öýlerimiziň we ýollarymyzyň abadançylygydyr» - diýip, ministrligiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy belleýär.