6/30/2025
59
Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli bu ýerde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Munuň özi täze göçüp gelen ýaşaýjylar üçin goşa baýramçylyk boldy diýip, TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, dabarada aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezdi. Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar ýaşamak üçin iň aňrybaş amatlyklary üpjün edýän “akylly” öý tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mysal üçin, oturdylan datçikler yşyklandyryjynyň otagyň içini diňe adam bar wagty ýagtyltmagyny üpjün edýär. «Akylly» öýlerde awtomatlaşdyrylan perdeler we žalýuzlar göz öňünde tutulandyr. Olar Gün şöhlesini, ýylylygy has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Munuň üçin degişli ulgam gije-gündiziň wagtyny, ýylyň paslyny, daşardaky howany hasaba alýar. Ykjam telefonlaryň, ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Tehniki howpsuzlyk, suw basmagyndan, suwuň we gazyň syzmalaryndan, tüsselemekden goragy üpjün etmek, elektrik simleriniň näsazlyklary barada duýdurmak — bularyň ählisi «akylly» öýüň möhüm wezipeleridir. Ulgamyň özi adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagyny aradan aýryp hem-de öýüň eýesine bu barada öz wagtynda habar berip bilýär. «Akylly» öý ulgamy elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga, beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.