11/18/2024
14
Mahaçkalanyň deňiz söwda porty belarus kaliý dökünleriniň ilkinji tapgyryny işläp geçirdi
Mahaçkalanyň deňiz söwda porty Belarusdan gelen uly möçberli kaliý dökünleriniň ýükläp-düşürmek işlerine başlady. Portyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Belarus Respublikasyndan Eýrana iberilýän eksport ýüküniň birinji tapgyry demir ýol düzümi bilen geldi. Şu ýylyň ahyryna çenli 35-40 müň tonna golaý kaliý dökünlerini ýükläp geçirmek meýilleşdirilýär we Mahaçkalanyň deňiz söwda portynyň baş direktory Jamal Aliýewiň gürrüň bermegine görä, geljek ýyl 200 müň tonnadan gowrak ýük geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan beýläk «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň çäklerinde ýükler Belarusdan Mahaçkalanyň üsti bilen Hindistan ugry boýunça iberiler. J. Aliýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda «Türkmenbaşy we Mahaçkala portynyň arasyndaky daşamalary güýçlendirmek» boýunça Türkmenistan bilen gepleşikler alnyp barylýar. Russiýadan ýükler Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan we Pakistan, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly ýurtlara we yzyna üstaşyr görnüşinde ugradylyp bilner. «Nebit Gazagystanyň portyndan biziň portymyza we şondan soňra Noworossiýsk deňiz söwda portuna tarap üstaşyr ugradylýar» - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Mundan başga-da, Hindistandan Eýranyň portlarynyň we Mahaçkalanyň portynyň üsti bilen soňra Russiýa tarap konteýner daşamalaryna hem badalga berler.