9/4/2025
553
Türkmenistanda bugdaý ekişine girişildi
3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine girişildi. Bu barada TDH tarapyndan habar berildi. 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bugdaý ekişine il sylagly ýaşulular «bismilla» edip başlap berdiler. Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli ýurduň ähli sebitlerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly hem-de ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy.