1/9/2025

137

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda 138 million manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda 2024-nji ýylyň önümçilik meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. «Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, kärhanada geçen ýylda 138 million 580 müň 919 manatlyk iş edilip, meýilnama 102,4 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde jemi 46 müň 383 tonna un öndürildi. Şonuň 15 müň 371 tonnasy ýokary, 31 müň 12 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde bugdaý ýarmasynyň 135 tonnasy, kepegiň 14 müň 89 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekýär.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar