7/28/2025
26
«EKSPO — 2025»: Türkmenistanyň Milli pawilýony günde 14 müňden gowrak myhmany kabul edýär
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýony her gün 14 müňden gowrak myhmany kabul edýär. Bu barada pawilýonyň binagärlik-dizaýn işini ýerine ýetiren «Belli» hojalyk jemgyýetiniň biznes gatnaşyklary boýunça menejeri Gutlymyrat Ýegendurdyýew «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen interwýusynda gürrüň berýär. G.Ýegendurdyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Milli pawilýony diňe bir gözellik ýa mazmun bilen däl, eýsem, onuň gurluşygynyň BIM («Building Information Modeling») tehnologiýasy boýunça alnyp barylmagy, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. «Azyndan 14 müňden gowrak adam gelýär. Arada bir günde 24 müňe golaý myhman kabul edip, rekord görkezijä ýetdik. Pawilýonymyz iň gelim-gidimli bolany üçin, elmydama nobaty uly. Şonuň üçin maýyplaryň we hamyla zenanlaryň nobatsyz girmegi üçin şert döredýäris. Ýeri gelende bellesem, myhmanlary ir sagat 9:00-dan agşam sagat 21:00 çenli kabul edýäris» diýip, «Belli» hojalyk jemgyýetiniň menejeri öz interwýusynda belleýär. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň ýapon teleýaýlymynyň geçiren pikirsoraşmasynda iň gowy pawilýonlaryň üçlügine girendigini habar beripdik.