10/31/2024

46

Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly giň gerimli halkara sergi geçiriler

2024-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly 12-nji halkara sergi geçiriler. Ýurduň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu giň gerimli çäre dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemlär. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Germaniýanyň hem-de Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy wekilleri bar. Kompaniýalar serginiň dowamynda gurluşyk, senagat we energetika pudagynda gazanylan iň täze tehnologiki çözgütleri we enjamlary görkezerler. Sergi kompaniýalar üçin öz mümkinçiliklerini açyp görkezmek, tejribe alyşmak hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Çäräniň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden we sebitde, şeýle hem halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Halkara serginiň guramaçylary hökmünde «Net organization», şeýle hem Türkmenistanyň esasy döwlet edaralary: Energetika ministrligi hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi çykyş edýär.

12/5/2024

«Genesis» kompaniýasy «GMR-001» giperkary bilen ýaryş ýodasyna çykar

12/5/2024

Türkiýe we Türkmenistan täze ýol kartasyny tassyklamagy we söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

12/5/2024

Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy