8/6/2025
47
Aşgabadyň merkezi şaýolunyň bir bölegi bir ýarym aýlyk ýapylar
Aşgabadyň häkimligi şäheriň merkezi böleginde 2025-nji ýylyň 6-njy awgustyndan 18-nji sentýabryna çenli ulag hereketiniň bölekleýin çäklendirjekdigini habar berýär. Çäklendirmeler Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň arasynda ýerleşýän bölegine degişlidir. Bu çäre Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şäher häkimligi Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny görkezilen döwürde şäher boýunça syýahat meýilnamalaryny düzende wagtlaýyn çäklendirmeleri göz öňünde tutmaga çagyrýar.