1/9/2025

76

Türkmenistanyň ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Gowşurylyş dabarasynyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy

7/1/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi

7/1/2025

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalary açyldy